Türki halklary umumy taryh birleşdirýär

30 Iýun 2023
566

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwlet derejesinde geçirilýän açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjini kabul etdi.

Myhman häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza «Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin» atly medaly gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz Ilýas Demirjä hem-de birleşigiň ähli agzalaryna bildirilen hormat üçin minnetdarlygyny beýan etdi we bu sylagy Türkmenistanyň binagärlik, inženerçilik, şäher gurluşygy babatda ýeten derejesine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

«Nesil».
Beýleki habarlar