Hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri açylýar

30 Iýun 2023
433

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyry hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara ynanyşmak we açyklyk häsiýetine eýedigi aýdyldy. Bu bolsa halkara giňişlikde syýasy babatda hereketleri utgaşdyrmak, öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw bermek üçin zerur şert bolup durýar.

«Nesil».
Beýleki habarlar