Arkadag şäherinde ilkinji halkara media forum geçirildi

30 Iýun 2023
814

Şu gün – 30-njy iýunda Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda bu şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýa we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnamagynda Arkadag şäherine bagyşlanan halkara media forum geçirildi. Oňa daşary ýurtly myhmanlar,  žurnalistler we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Forum üç bölüm boýunça öz işini alyp bardy. Onuň dowamynda daşary ýurtly myhmanlaryň, žurnalistleriň Arkadag şäheri hakyndaky çykyşlaryna uly orun berildi. Olar şäheriň aýratynlygy, ahritektura gurluşy we mümkinçilikleri dogrusynda giňişleýin beýan etdiler. Akylly şäher derejesine eýe bolan bu şäheriň Türkmenistan döwletiniň ýokary depgin bilen ösýändigini, barha özgerýändigini subut edýär diýip myhmanlar aýratyn bellediler. 

«Güneş».
Beýleki habarlar