Türkmenistan — Ýaponiýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

30 Iýun 2023
744

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Masuşita Şinpeý bilen duşuşyk boldy.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa myhmany mähirli mübärekläp, döwlet durmuşynda parlamentarileriň ornunyň barha artýandygyny aýtdy. Bu gün parlamentara hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasynda netijeli gatnaşyklary üpjün etmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.

Beýleki habarlar