Türkmenistanyň Prezidenti Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi

29 Iýun 2023
1173

Aşgabat, 28-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwlet derejesinde geçirilýän açylyş dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirjini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, häzirki döwürde sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanyň özboluşly keşbini döretmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp, dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanymyza “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy.

Beýleki habarlar