Netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat

26 Iýun 2023
635

24-nji iýunda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi.

Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň soňky ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, ynsan ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagyna möhüm üns berilýär. Häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine we onuň raýatlarymyzyň arasynda giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Bu ugurda ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrüldi.

"Nesil".
Beýleki habarlar