Duşuşyk guraldy

26 Iýun 2023
512

Türkmenabat şäherindäki «Ýüpek ýoly» myhmanhanasynda Birleşen Milletler guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk guraldy. Oňa welaýatymyzyň migrasiýa gullugynyň işgärleri, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda adamyň bähbidini goramak, onuň hak-hukuklaryny üpjün etmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi. Halkara derejeli hukukçylar bu ugurda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalarynyň döwrüň talabyna doly laýyk gelýändigini belläp, migrasiýa we beýleki gulluklaryň alyp barýan işlerine ýokary baha berdiler. Duşuşykda jemgyýetde sazlaşykly hereketleriň dowam etmegini gazanmak maksady bilen geljekki wezipeleriň anyk meýilnamasy kesgitlenildi.

Beýleki habarlar