Türkmenistan — ÝUNESKO: netijeli gatnaşyklara ygrarlylyk

16 Iýun 2023
518

12-nji iýunda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, degişli halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň 2021 — 2023-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa toparynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde alyp baran işleri baradaky hasabaty girizildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň agzalary toparyň 2023-nji ýyl üçin meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryna garadylar. Hususan-da, ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bolan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýunça taýýarlyk işleriniň ýola goýlandygy barada aýdyldy.

«Nesil».
Beýleki habarlar