Türkmen-latwiýa ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

16 Iýun 2023
418

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet 2023-nji ýylyň 12-16-njy iýunynda Türkmen-latwiýa ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşmak üçin Latwiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýarlar.

2023-nji ýylyň 12-nji iýunynda Riga şäherinde Türkmen-latwiýa ulag boýunça iş toparynyň üçünji mejlisi öz işine başlady. Mejlisde taraplar özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin wezipeleri kesgitlediler. Hususan-da, taraplar hyzmatdaşlygy giňeltmek, üstaşyr-logistika pudagyny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretdiler. Bu babatda taraplar häzirki wagtda iki ýurduň arasynda ulag-logistika pudagynyň oňyn ösüşini bellediler we bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça maglumat alyşdylar.

Beýleki habarlar