Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

14 Iýun 2023
565

Aşgabat, 13-nji iýun (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde paýtagtymyza iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanow bilen duşuşyk geçirildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykdy we yzygiderli häsiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwerlik ugry, hususan-da, bilim ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda 2021-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝHHG-niň milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň arasynda Türkmenistanda dil we medeni köpdürlülik boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi möhüm ädim boldy.

Beýleki habarlar