Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek işleri alnyp barylýar

12 Iýun 2023
625

Türkmenistanyň Hökümetiniň 2-nji iýunda geçirilen mejlisinde wise-premýer Batyr Amanow Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek, bu işe daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny çekmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Energiýa serişdelerini öndürmegiň we eksport etmegiň iň ýokary derejelerine çykmak pudagyň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän hem-de Hazaryň ýalpaklygynda nebitiň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny maliýe serişdelerine öwürmäge gyzyklanma bildirýär.

Leýli AŞYROWA,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar