Okuw maslahaty geçirildi

12 Iýun 2023
419

Türkmenabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň guramagynda üç günlük okuw maslahaty geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň işgärleri, welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we hünärmenler gatnaşdylar.

«Terrorçylyga eltýän zorlukly ekstremizmiň, radikalizmiň howpuna garşy göreşmegiň çäklerinde jemgyýetçilik liderleriniň habarlylygyny ýokarlandyrmak» diýen mowzuk bilen geçirilen bu okuw maslahatynyň dowamynda degişli ugur boýunça halkara derejeli bilermenleriň täsirli çykyşlary diňlenildi. Sowal-jogap alyşmak boýunça geçirilen bu çärede degişli howpa eltip biläýjek ýagdaýlary aradan aýyrmakda bilelikde göreşmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Şonuň ýaly-da okuw maslahatynyň dowamynda edilen çykyşlarda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, adamlaryň ýaşaýşynyň ykdysady hem-de durmuş şertlerini gowulandyrmagyň ýolundaky möhüm ädimlere hem garaldy.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar