Dost-doganlyk gatnaşyklary

8 Iýun 2023
652

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden Türkiýe döwleti bilen Türkmenistanyň parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmekde baý tejribesi bar.

Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 3-nji iýunynda türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze sepgitlere ýetirmegiň aýdyň ýoly boldy. Munuň özi asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň mizemez dost-doganlygyň, özara ynanyşmagyň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar.

Çemen AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar