Ol dostlukly ýollar bu gün eýran topragyna tarap ugur aldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna nobatdaky iş sapary asyrlardan gözbaş alyp, dowamat-dowam bolup gelýän türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmekde täze ädim bolup, goňşy ýurtlaryň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.
Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olarda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýetilen sepgitler, täze mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşylýar. Tähranda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşykda doganlyk ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny işjeňleşdirmek üçin mundan beýläk-de zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenildi.