Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti KazanForuma gatnaşýar

19 Maý 2023
649

18-19-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlygy Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriljek «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşýar.

Halkara forumyň çäklerinde «Russia Halal Expo» gözden geçirilişi we «Казань Экспо» halkara sergi merkezinde maýa goýum we infrastruktura taslamalarynyň sergisi, Kazan halkara atçylyk sport toplumynda «Russia Halal Market» ýarmarkasy şeýle hem yslam dünýäsiniň aşpezleriniň aşhana sergisi geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Beýleki habarlar