2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana bolan döwlet saparynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan paýhasynyň datly miwesi bolan Türkmenistanyň Hytaýa çekilen dünýädäki iň uzyn gaz geçirijisi Gazagystan Respublikasynyň üstünden geçýär.