Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň belentliklerini nazarlap

17 Maý 2023
336

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» dünýäniň alysdaky, goňşy we Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgesi esasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyň 6-njy maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä we Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna, 9-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy, 10 — 11-nji maýda bolsa Täjigistan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň guwandyryjy üstünliklere beslenmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar