Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpasyrlyk dostluk gatnaşyklaryny, däp-dessurlaryň ýakynlygyny hem-de umumylygyny özünde jemleýär. Hormatly Prezidentimiziň 10-11-nji maýda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary hem döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy.
Türkmenistan Täjigistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygyna täze itergi beren Arkadagly Serdarymyzyň şu gezekki döwlet sapary, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar iki döwletiň hem täze taryhyna şanly waka bolup ýazylar. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň Täjigistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň 24-sine gol çekildi.