Bir agajyň iki şahasy, bir derýanyň iki kenary ýaly, türkmen we täjik halky asyrlaryň dowamynda aýrylmaz dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Biziň şu günümiz hem-de düýnümiz, pikirimiz hem-de aňymyz, saçakdaky nanymyz hem birmeňzeşdir. Hormatly Prezidentimiziň 10-11-nji maýda Täjigistana amala aşyran döwlet sapary hem gadymy ýörelgeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigine, dostlukly gatnaşyklaryň barha ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.
YNAM DOSTLUGY PUGTALANDYRÝAR