Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ugrunda Türkmenistanda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge we sanly özgertmelere bagyşlanan tegelek stol geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 17—19-njy aprelinde Ženewada geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ECE) 70-nji mejlisiniň we BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPECA) ministrler duşuşygynyň işine gatnaşmagynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.