Ykdysadyýetde demir ýol ulagynyň orny

8 Maý 2023
422

Gijä galmajak bolup, ýarym sagat çemesi ir bararsyň. Wagona müneniňden soňam gapylardaky belgilere seredip, öz ornuňy gözlärsiň. El goşuňy oturylýan-ýatylýan ýeriň aşagyna goýup, ýerleşeniňden soňra, ynjalarsyň. Tekerleriň «şak-şaky» gulagyňa ýoluň başlanandygynyň buşlukçysy bolup eşidiler. Ýol üçin alan şöhlatdyr gowurdagyňy, çöregiňi, atymlyk çaýyňy çykaryp, höwes bilen wagonyň äpişgesinden tükeniksiz alaňly sähralary synlap, barjak ýeriň, etsem-goýsamlaryň hakdaky süýji oý-hyýala batarsyň. Küpedeşiň alçak adam bolsa-ha uzak ýoluň gysgalan ýaly bolaýýar. Şeýde-şeýde Gün ýagşy batandan soňra, «şyk-şyk» seni hüwdülän ýaly bolup ugrar. Meýmiräp, gözüňi ýumarsyň weli, sallançaga salnana dönersiň. Ýolbelediň «Turuň, gelmeli ýerimize golaýladyk» diýen sesine süňňüýeňillik bilen gözüňi açarsyň.

Dünýä belli adamlar otlynyň tekerleriniň sesiniň şeýle meýmirediji lezzet berýändigini ýazyp gidipdirler.

Orazmyrat SÄHETMYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar