4-nji maýda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.
Dünýä futboluny ösdürmekde FIFA-nyň eýeleýän uly ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de sportuň meşhur, hemmeleriň söýýän bu görnüşini giňden ýaýratmak üçin halkara derejede tagallalaryň birleşdirilmegine uly ähmiýet berýändigini aýratyn nygtady. FIFA-nyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyz bilen söhbetdeşlikde bu duşuşygyň Merkezi Aziýada örän iri Olimpiýa stadionynda geçirilmegine hut özüne we futbola bildirilýän aýratyn sarpanyň nyşany hökmünde baha berýändigini aýtdy.