Ekologik howpsuzlygyň goragynda

29 Aprel 2023
444

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan iş sapary bilen Lebap welaýatynda boldy. Ol gündogar sebite saparynyň çäklerinde Ählumumy ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de BMGÖM bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde durmuşa geçirýän «Aral deňziniň basseýninde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Hanym Narine Saakýan Jeýhun ýakasyndaky sebite saparynyň ilkinji gününde welaýat häkimliginde duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar ýokarda agzalan taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze we netijeli ugurlary hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Myhman bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde ýerli häkimiýetleriň uly goldaw berýändigini, şeýle hem Türkmenistanyň sebitlerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, arassa ekologik gurşawy döretmek üçin döwlet tarapyndan uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar