Türkmen ulag kompaniýalary logistika pudagynda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi bilen tanyşdy

25 Aprel 2023
302

«Türkmen logistika» assosiasiýasynyň, Beýik Britaniýanyň ulag we logistika institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň (CILT Central Asia) we ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugynyň (USAID) Merkezi Aziýada söwda boýunça Maksatnamasynyň arasynda 2023-nji ýylda Bilelikdäki Hereket meýilnamasynyň çäginde awtomobil ýük daşamalary boýunça guralan onlaýn seminarlar tamamlandy. Bu barada «Türkmen logistika» assosiasiýasy tarapyndan habar berildi.

Bu okuwlar Türkmenistanyň 20 ulag-logistika kompaniýasyndan 40-dan gowrak hünärmeni özüne çekdi. Olaryň köpüsi «Türkmen logistika» assosiasiýasynyň agzalary bolup durýarlar.

Beýleki habarlar