Türkmen telekeçileri «Canton Fair 2023» import-eksport ýarmarkasy bilen tanyşýarlar

16 Aprel 2023
324

Hytaýyň Guanžou şäherinde badalga alan 133-nji Hytaýyň import-eksport ýarmarkasy gyzgalaňly dowam edýär. Bu gezekki «bahar» ýarmarkasyna («Canton Fair 2023», Spring) dünýäniň dürli künjeklerinden gelen önüm öndürijiler özleriniň iň täze önümleri bilen gatnaşýarlar. Sergi ýarmarkasy 3 tapgyr boýunça geçirilip, olaryň her biri aýratynlykda, 5 gün dowam eder.

15-nji aprelde öz işine başlan gözden geçirilişiň 1-nji tapgyrynda elektronika we öý-hojalyk, gurluşyk harytlary, himiýa önümleri, awtoulaglar we olaryň ätiýaçlyk şaýlary sergä gatnaşyjylara görkezilýär. Bu tapgyr 19-njy aprelde tamamlanar. Bellärlikli tarapy, sergä türkmen telekeçileri hem gatnaşyp, ol ýerde bu ugra degişli dünýäniň iň soňky gazananlary bilen ýakyndan tanyş bolýarlar.

Beýleki habarlar