Russiýa bilen Hytaýyň arasynda söwda dolanyşygy 38,7 göterim artdy

16 Aprel 2023
326

Hytaýyň Baş gümrük gullugynyň çarşenbe güni beren maglumatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 38,7 göterim ýokarlanyp, 53,84 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

Çap edilen maglumatlardan görnüşi ýaly, Hytaýdan Russiýa eksport üç aýyň dowamynda 47,1 göterim ýokarlanyp, takmynan, 24,07 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Russiýanyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň importy 32,6 göterim artyp, 29,77 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

Taýýarlan: Mekanmuhammet AMANMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar