Döwletara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

10 Aprel 2023
450

7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meselelerine degip geçip, häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça, aýratyn-da, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda tagallalary birleşdirmekde garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini nygtadylar. Ýurtlaryň ikisiniň hem abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we beýleki guramalar bilen netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

"Nesil".
Beýleki habarlar