Oňyn hyzmatdaşlyk berk binýada esaslanýar

7 Aprel 2023
488

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä döwletleri bilen berk binýada esaslanan hyzmatdaşlygy barha ilerledýär. Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň dürli derejeli ýolbaşçylaryny, işewür toparlaryny kabul etmegi aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

5-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, olary sergilere, forumlara, ýarmarkalara çekmek boýunça işleri güýçlendirmek wajypdyr. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir.

«Nesil».
Beýleki habarlar