Dostluk. Işewürlik. Netijelilik

7 Aprel 2023
413

Ýurdumyz bilen Türkiýe Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň, gazanylýan ylalaşyklaryň netijesinde ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykýar. Muny türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky duşuşyklary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

4-nji aprelde hormatly Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyp, onuň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada aýdylyp, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň halkara giňişlige goşulyşmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň içgin öwrenilýändigi bellenildi. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz suw geçiriji ulgamlaryň gurluşygy we bu ugra degişli enjamlaryň satyn alynmagy babatda türkiýeli işewürler bilen tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

«Nesil».
Beýleki habarlar