Türkmen wekiliýetiniň Täjigistana döredijilik sapary başlandy

6 Aprel 2023
610

Düýn günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň medeniýet, sungat ussatlaryndan, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerinden ybarat bolan wekiliýet Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine geldi.

Meýilnama laýyklykda, döredijilik saparynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlary bilelikdäki türkmen-täjik dostluk konsertine, Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumy bilim berýän orta mekdebiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşarlar.

«Türkmenistan»
Duşenbe ş.
Beýleki habarlar