Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisi açyldy

3 Aprel 2023
479

4-6-njy ap­rel ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da top­lu­my­nyň ser­gi­si ge­çi­ri­ler. Ser­gi­niň gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we da­şa­ry yk­dy­sa­dy ara­gat­na­şyk­lar mi­nistr­li­gi­niň, Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň, şeýle-de Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň we­kil­le­ri, ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri öz di­war­lyk­la­ry bi­len gat­na­şar­lar.

Ser­gi­de Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry, ýer­li kär­ha­na­la­ryň önüm­le­ri­niň iň soň­ky nus­ga­la­ry, azyk önüm­le­ri, se­na­gat önüm­le­ri, dok­ma önüm­le­ri, sarp ediş ha­ryt­la­ry, ha­ly önüm­le­ri, şeý­le-de dür­li hyz­mat­lar ta­nyş­dy­ry­lar.

Beýleki habarlar