"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy ulgamynyň işi kämilleşdirilýär

25-nji fewralda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz maslahat geçirip, Mejlisiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhüm wezipeleri boýunça pikir alyşdy.

Aşgabat gündogaryň merjen şäherine öwrülýär

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi hem-de şäheri gurmagyň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşdy. Taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milli Liderimiz binalaryň gurluşygynda ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna, olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Ösüşiň röwşen ýoly bilen

22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Döwrebaplygyň kämil binýady

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Sanly ulgam merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda Permana gol çekdi. Resminama bilen «Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanyna goşmaça girizildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-31-nji maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna şu Karara goşulýan sanawa laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky Karara gol çekdi.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Azat Toýlymyradowiç Joraýew Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Almaz Ýusupowiç Ballyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk tehnikalary we gurallary boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Batyr Geldymämmedowiç Orazmämmedow Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

Il bähbitli özgertmeler rowaçlanýar

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa Türkmenabat şäheriniň we etraplaryň häkimleri, olaryň orunbasarlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň 22-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk pudagynda möwsümleýin işleriň barşyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere mynasyp taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklaryny günübirin durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew maslahaty açyp, häzirki döwürde ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýazky bag ekişligine taýýarlyk görlüşi, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň berjaý edilişi, sebitde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy we durmuş meselelerini çözmek boýunça kesgitlenilen wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdi. Soňra häkim sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiziň ekerançylyk ýerlerini, traktorlary we beýleki tehnikalary ýaz ekişine öz wagtynda talabalaýyk taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, jogapkärli meýdan işleriniň geçirilýän wagty tehnikalaryň ygtybarly işledilmelidigi barada birnäçe görkezmeleri berendigini aýtdy.

Hem içerki bazara, hem eksporta

Telekeçi Ruslan Abdullaýewe degişli ýyladyşhanada öndürilýän pomidor hasylynyň 80 ― 90 göterimi daşary ýurtlara eksport edilýär. Bu ýerde dekabrda ýyglyp başlanylan 100 tonna çemesi pomidoryň 70 tonna golaýy Russiýa Federasiýasyna we Gazagystana ugradyldy. Gabynyň daşynda «Türkmenistanda öndürildi» diýlen ýazgy ýerleşdirilen oba hojalyk önümleri dünýä bazaryndaky ornuny barha giňeldýär. Gazetimiziň geçen sanlarynda hem habar berşimiz ýaly, 2020-nji ýylda welaýatymyzyň hususyýetçileriniň 16-syna degişli ýyladyşhanalarda öndürilen pomidorlaryň ekportundan alnan girdeji Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 3,5 million dollaryna ýakynlaşdy. Alnan girdejide Ruslan Abdullaýewiň ýyladyşhanasynyň hem uly paýy bar.

Hoşniýetli goňşuçylygyň täze öwüşginleri

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşygy tamamlanyp, olar ulanylmaga berildi. Bu gün ýurdumyzyň ösüşiň senagat-innowasion ýoluna ykjam düşendigini bütin dünýä görýär. Gurlan ýa-da durky täzelenilen, ýokary öndürijilikli innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap önümçilikler sanly ykdysadyýete tarap ugur alan milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýar. Geçen ýyllarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegini üpjün etmäge gönükdirilen hojalyk mehanizmi kemala getirildi. Biziň döwletimiz agrar ýurt bolanlygyndan ösen senagatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda köp pudakly ykdysadyýet döredildi. Döwrebap senagat düzümleriniň kemala getirilmegi, zerur bolan önümleriň özümizde öndürilip başlanmagy dünýäde ýüze çykan käbir kynçylyklaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini gowşadýar. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň içerki ösüşlerini üpjün etmän, eýsem, sebitde hem dünýä ähmiýetli taslamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin amatly şertleri döredýär.

Sag­dyn dur­mu­şa ýö­rel­ge

Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň bel­le­nil­jek ýy­lyn­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de ge­çiril­megi Türk­me­nis­tan­da spor­tuň bu gör­nü­şi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň her ýy­lyň 3-nji iýu­ny­ny «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» di­ýip yg­lan et­me­gi bol­sa eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we spor­tuň Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len gör­nü­şi­ni ös­dür­mek, se­bit­de hem-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek, şeý­le hem türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny be­len­de gal­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dün­ýä de­re­je­sin­de gol­daw tap­ýan­dy­gy­nyň yk­rar­na­ma­sy­dyr. Yn­san sag­ly­gy hem-de eko­lo­gi­ýa aras­sa­ly­gy üçin peý­da­ly bo­lan we­lo­si­ped sür­mek­lik ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den dur­mu­şa or­naşdyryl­ýar. Biz hem beý­le­ki jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň, iş­çi-gul­luk­çy­la­ryň, oba zäh­met­keş­le­ri­niň ara­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ka­ra­ry bi­len ka­bul edi­len «Türk­me­nis­tan­da 2021―2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na

Çörek mukaddesligi

Saçakdaky çöregi almak üçin birden iki adam elini uzatsa, öýüňe myhman gelýändiginiň alamaty saýylýar. Çörek owuntygyny ýere gaçyrsaň günä. Çöregi hormatlap, maňlaýyňa sylmak halkymyzyň adatyna öwrülipdir.... Asyrlaryň dowamynda emele gelen şuňa meňzeş ynançlaryň ýüzlerçesi milletimiziň ýaşaýyş-durmuş tejribesiniň örän baýdygyny, şonuň bilen birlikde bu düşünjeleriň nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Ýakynda çörek mukaddesligine bagyşlap geçiren söhbetdeşligimizde bu barada gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň täsiri bilen şu setirleri ýazmaga girişdim. Maşgala we çaga terbiýesinde çörek mukaddesligi bilen baglanyşykly ata-babalarymyzdan gaýdýan özboluşly, üýtgeşik bir ýörelgämiz dowam edýär. Bu ýörelge ruhuňa täsir edýän parasatly pikirleri gursaklarda eşrepi deýin saklap, nesilden-nesle geçirip gelýär. Parasatly sözlerde çöregiň mukaddesligi durmuş bilen şeýle bir çuňňur baglanyşdyrylypdyr welin, haýran galaýmaly, ol kalbyňa berk köküni urýar. Öýüňe gelen myhmana hem ilkinji hödür çörekden başlanýar. «Ýolda ýoldaşyň bolsun!» diýip, eneler perzentlerini ýola salanlarynda hem ýany bilen çörek berip goýberýärler. Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde hem çörek mukaddesliginiň has ýokary tutulýan pursatlary köp duş gelýär.

Parahatçylygyň we asudalygyň ýurdy

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly içeri we daşary syýasatlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli özgertdi. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny, ildeşlerimiziň asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklaryny üpjün etdi. Daşary syýasatyň esasy ugruna öwrülen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň dünýäde hemmetaraplaýyn durnukly ösüşi, howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da artdy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň bu hukuk derejesine daýanyp, goňşy we daşary döwletler bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýaly umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň baý tejribesini toplady. «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýip, öz halkynyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyz ösüş arkaly parahatçylyk taglymatyny öňe sürýär we onuň durmuşa geçirilmegi ugrunda anyk işleri amala aşyrýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara abraýyny gün-günden ýokary galdyrýar. Dünýä döwletleriniň 149-sy bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan Halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň 150-sine gatnaşyjy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy, Yslam

Jemgyýetçilik guramalarynda

Möhüm wezipelerden ugur alyp Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde goýan wezipeleriniň we tabşyryklarynyň ýerlerde ýerine ýetirilişine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen bu maslahata birleşmäniň işjeň agzalary, pudagara utgaşdyryjylary, tehniki-howpsuzlyk bölüminiň işgärleri we Geňeşleriň wekilleri gatnaşdylar.

Nesil saglygynyň goragynda

Häzirki wagtda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga milletiň saglygynyň girewi hökmünde döwlet derejesinde üns berilýär. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen hassahanalaryň gurulmagyny, ynsan saglygynyň goragynda gaýym durýan hünärmenleriň ýetişdirilmegini, olaryň hünär ussatlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, eneleriň we çagalaryň sagdyn ýaşamaklary, dogry iýmitlenmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegini muňa mysal hökmünde görkezip bileris. Şu günler welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde lukmanlar üçin amaly okuwlar geçirilýär. Türkmenistanda enelere we çagalara berilýän lukmançylyk kömeginiň hiliniň has-da ýokarlanmagyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän bu okuwlara merkeziň akuşer-ginekolog, anesteziolog we reanimatolog, neonatolog lukmanlary gatnaşýarlar.

Göwünlere ganat beren başlangyç

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren iş maslahatlarynyň birinde ýaşlara isleglerine görä goşmaça ugurlar boýunça bilim almaga şertleri döretmek üçin welaýatlarda, etrap-şäherlerde mekdepden daşary tölegli okuwlary guramak, olara degişli ygtyýarnamalaryň berilmegini ýola goýmak barada beren tabşyryklary bilim işgärlerinde uly şatlyk döretdi. Iş tejribämizden bilşimiz ýaly, käbir çagalarda eýýäm mekdepde okaýan döwründe güýçli ukyplar ýüze çykyp başlaýar. Şol ukyplar ata-eneler, mugallymlar tarapyndan goldanylyp, ýardam berilse, olaryň öz ugry boýunça ussat hünärmenler bolmak mümkinçiligi ýokarlanar.

Watany wasp edýän aýdymlar

Welaýat çagalar sungat mekdebindäki hor topary geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan bäri hereket edip gelýär. Mekdepde sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýan çagalaryň ählisi diýen ýaly bu topara agza boldular. Mekdebimizdäki hor topary şu günler hem şanly baýramçylyklarymyza täze aýdym-sazlar bilen sowgatly barýar. Meniň bu topardaky iş tejribäm mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş. Şu ýylyň 1-nji awgustynda zähmet ýoluma başlanyma 30 ýyl bolýar. Geçen ýyllaryň içinde ýolbaşçylyk eden çagalar hor toparlarymyz bilen türkmen kompozitorlarynyň we dünýä aýdym-saz hazynasynyň eserleriniň köpsanlysyny öwrenip, toýdur baýramlarymyzda ýerine ýetirdik.

Halkymyzyň müdimi gymmatlyklary

Pederlerimizden miras galan milli baýlyklarymyz halkymyzyň geçmişinden, şan-şöhratyndan habar berýär. Olar türkmen taryhynyň çeper beýany bolmak bilen, indi ençeme asyrlardan bäri halkymyzyň milli buýsanjy hökmünde şöhlelenýär. Milli medeniýetimiziň maddy we ruhy baýlyklarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde sungat ussatlarynyň hyzmaty diýseň uludyr. Olar elmydama milli gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmagyň, üstüni ýetirmegiň we nesillere miras galdyrmagyň aladasyny edipdirler. Bu nusga alarlyk göreldäni häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirmek bolsa biziň paýymyza düşýär. Millilige ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemek biziň esasy işlerimiziň biridir. Welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän Astanababa, Alamberdar ýadygärlikleri, Daýahatyn kerwensaraýy, Idris baba medresesi, Amul, Osty, Ödeý galalary gündogar sebitiň milli medeniýetiň ösen ojaklary bolandygyny görkezýär. Olaryň gurluş, binagärlik aýratynlyklary bolsa hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.

Size saglyk ýaran bolsun!

Öýden daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtügini dakynyň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Helise

Jeýhunyň boýlary — rowaýatlara baý mekan. Bu jelegaýlara ýoly düşen myhmanlar gören-eşidenlerini ýatdan çykarman, taryp edýärler. Ýakynda Daşoguz welaýatyndan okyjylarymyzyň biri Lebapda helise atly nahary dadandygyny aýdyp, «Çeşmeler» sahypamyzda şu barada söhbet etmegimizi haýyş etdi. Okyjymyzyň haýyşyny göz öňünde tutup, helise bilen baglanyşykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. Irki zamanlarda Amyderýanyň çep kenaryndan sag kenara barýan ýolagçylaryň gaýygy heläkçilige uçraýar. Ýüzüp, kenara çykanlary ýerli ýaşaýjylar öýlerine myhman alýarlar we üýşüp, helise (halk arasynda helese diýlip hem atlandyrylýar) tagamyny taýýarlaýarlar. Bu tagamyň ady aslynda «birleşmek, ýardamlaşmak» diýen manyny aňladypdyr. Şondan soň adamlar helise bişirip, doga-dileg etseler, bela-beterleriň sowlup geçjekdigine tüýs ýürekden ynanypdyrlar. Şonuň üçinem bu däp nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize çenli dowam edip gelýär.

Dün­ýä kar­ta­sy­ny çy­zan alym

Tür­ki dil­le­riň söz baý­ly­gy ha­kyn­da söh­bet edi­len­de, Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň ady il­kin­ji bo­lup ýat­la­nyl­ýar. Alym «Tür­ki dil­le­riň di­wa­ny» ese­ri­ni 1077-nji ýyl­da ýa­zyp gu­tar­ýar. Söz­lük­dä­ki söz­le­riň kä­biri hä­zir­ki wagt­da hem hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan giň­den ula­nyl­ýar. XI asyr­da Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň söz­lü­gin­de ýa­zyp gör­ke­zen köpsan­ly oguz-türk­men na­kyl­la­ry, ata­lar söz­le­ri we goş­gu­la­ry türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň iň ga­dy­my nus­ga­la­ry­dyr. Aly­myň bu ese­ri­niň ýe­ne bir gym­mat­ly ta­ra­py bol­sa, gol­ýaz­ma­nyň 22-23-nji sa­hy­pa­la­ryn­da şekillendirilen dün­ýä kar­ta­sy­dyr. Mah­myt Kaş­gar­ly tür­ki halk­la­ryň ni­re­de ýa­şa­ýan­dyk­la­ry­ny gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len bu kar­ta­ny taý­ýar­lap­dyr. Kar­ta­nyň mer­ke­zin­de Ba­la­sa­gun şä­he­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Hä­zir­ki wagt­da­ky Gyr­gy­zys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän bu ta­ry­hy şä­her irki dö­wür­ler­de Ga­ra­han­ly türk­men döw­le­ti­niň mer­ke­zi bo­lup­dyr. Mah­myt Kaş­gar­ly­nyň dün­ýä kar­ta­sy to­ga­lak gör­nü­şin­de çy­zy­lyp­dyr. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu alym bi­len dö­wür­deş Abu Reý­han Bi­ru­ny 22 ýa­şyn­da Ýer şa­ry­nyň şe­ki­li­ni ýa­sap­dyr. Şeý­le-de ola­ryň dö­wür­de­şi Omar Haý­ýa­myň:

Men-menlik etseň...

Tymsal Goýun janawar çybyn-çirkeýden goranyp zordan mydar edip duran eken. Şol wagt geçi gudurap, bir ýerde durmaga karar tapmandyr. Ol tümmek kesegiň üstüne çykypdyr-da, gum sowrup başlapdyr.