"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Enelere belent hormatyň nyşany

Bagtyýarlyk döwrümizde zenanlara goýulýan sarpa barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiz olary, ilkinji nobatda bolsa mukaddes Käbä deňelýän eneleri sarpalamagyň belent nusgasyny görkezip, ak ýürekden çykýan alkyşlara mynasyp bolýar. Sekiz we şondan köp çagany kemala getiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy olara goýulýan belent sarpanyň ajaýyp mysalydyr. Arkadag Prezidentimiziň Permany bilen bagtyýar eneleriň uly toparyna şu ýyl hem bu hormatly at dakyldy. Olaryň arasynda lebaply zenanlaryň hem 26-sy bar. Welaýat häkimliginde bagtyýar enelere hormatly adyň nyşany we milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabara hormatly adyň eýelerinden başga-da welaýatymyzyň işjeň zenanlarynyň birnäçesi gatnaşdy. Bu ýerde edilen çykyşlarda hem nygtalyşy ýaly, türkmen eneleri dünýäde iň bagtly zenanlardyr. Perzendi ösdürip, kemala getirmekde döwletimiz tarapyndan ähli goldawlary alýan enelerimiz döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş aýdýarlar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li Ga­raş­syz, he­mi­şelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ene­le­ri­ne, ge­lin-gyz­la­ry­na Gutlag haty bilen ýüzlendi. Onda:«Si­zi gö­zel­li­gi we aja­ýyp­ly­gy bi­len yn­san kal­by­na yl­ham hem-de joş­gun paý­la­ýan ba­har pas­lyn­da giň­den bel­le­nil­ýän Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­nyň ba­har pas­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de bu aja­ýyp hal­ka­ra baý­ra­my­ň şa­ny­na ge­çi­ril­jek da­ba­ra­la­ryň, me­de­ni-jem­gy­ýet­çi­lik çä­re­le­ri­niň mäh­ri­ban ene­le­ri­mi­ziň, eziz uýa­la­ry­my­zyň, ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň kal­byn­da ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­ret­jek­di­gi­ne berk ynan­ýa­ryn!» diýlip nygtalýar.* * *6-njy martda Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Mew­lüt Ça­wu­şog­lu­ny ka­bul et­di.

Buý­san­ja bes­len­ýän wa­ka­lar

Ýyl­la­ry bir-bi­rin­den zy­ýa­da gel­ýän ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de her gü­nü­miz şat­lyk­ly wa­ka­la­ra, toý­dur baý­ram­la­ra bes­len­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da 2021-nji ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da şat­lyk­ly wa­ka bol­dy. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my bel­le­nil­jek ýy­lyň şeý­le at­lan­dy­ryl­ma­gy türk­men hal­ky­nyň pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ni has-da da­ba­ra­lan­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak, bi­rek-bi­re­gi gol­da­mak, dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk türk­men hal­ky­nyň ata-ba­ba asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­si­dir. Şol ýol-ýö­rel­ge­ler bu gün­ki gün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da my­na­syp de­re­je­de do­wam et­di­ril­ýär. Mu­ny mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan goň­şy Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na yzy­gi­der­li be­ril­ýän yn­san­per­wer kö­mek-gol­daw­lar hem su­but ed­ýär. Mu­nuň özi pa­ra­hat­çy­lyk­dö­re­di­ji ýurt hök­mün­de yk­rar edi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň se­bit­de we dün­ýä­de eýe­le­ýän or­nu­nyň, at-ab­ra­ýy­nyň bar­ha

Maşgala bagty

Tebigatyň gelşigi gül bolsa, ynsanyýetiň ýaraşygy gelin-gyzlardyr. Adamzadyň ýaşaýşynyň dowamat-dowam bolmagynyň sebäpkäri hasaplanylýan zenanlar Güneşiň nury kimin maşgala ojagyny hemişe mähir bilen çoýýarlar. Biz olary pasyllaryň soltany bahara deňeýäris. Çünki eneler hem tebigat kimin döredijidir, bahar kimin mylaýymdyr, mähremdir, durmuşymyzyň many-mazmunydyr. Şonuň üçin hem ene barada, zenan mähribanlygy barada söhbet etmek kalbyňa iňňän ýakymly duýgulary eçilýär. Ýurdumyzda her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem baharyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren mährem eneleriň uly topary Gahryman Arkadagymyzyň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp boldy. Olaryň hatarynda lebaply eneleriň birnäçesiniň bolmagy bizi diýseň begendirýär. Bagtyýar eneleriň biri hem Döwletli etrabynyň ýaşaýjysy Kurbanaý Jumaýewadyr. Bu şatlykly günde balalarynyň bagtyna guwanýan, döşüne döwlet nyşanyny dakynan mähriban enäniň ajaýyp döwrümize bolan guwanjy hiç zat bilen deňär ýaly däl. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly başlangyçlary esasynda bu maşgala ähli amatlylyklary bolan döwrebap öýüň açary hem gowşuryldy. Täze öýüň eýeleri şu mynasybetli uludan toý tutdular. Biz hem olaryň döwletli maşgalasynda myhmançylykda bolduk.

Möhüm syýasy çärä taýýarlykly barylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlarynyň netijesinde Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny kämilleşdirmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, häkimiýet edaralarynyň ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary ählihalk goldawyna we makullanmasyna eýe boldy. Geçirilen konstitusion özgertmeler biziň demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmaga, Türkmenistanda iri möçberli ykdysady özgertmeleriň hem-de durmuş ugurly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Jümle-jahan habarlary

Marsda hlorowodorod ýüze çykaryldy

Saglyk size ýaran bolsun!

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň!

Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri

4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitiniň işine gatnaşdy. Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibinde COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Sammite Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han we EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur gatnaşdylar. Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Türksoý Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we beýlekiler çagyryldy.

Watan goragy mukaddes borç

3-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň gün tertibine geçip, degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna söz berdi. Olar şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler.

Göwün ganatlanýar aýdymlaryndan

Bagtyýarlyk döwrümiziň bedew batly ösüşlerini, dogduk Diýarymyzyň ajaýyp tebigatyny wasp edip, sungat äleminde halkymyzyň söýgüsini gazanmagy başaran ildeşlerimiziň biri hem Türkmenabat şäheriniň medeniýet merkeziniň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowadyr. Onuň ýerine ýetirýän «Arkadag», «Watanym, sende bagtly men, bagtly!», «Söýgi» we «Ezizlänim sen» ýaly aýdymlary il içinde uly höwes bilen diňlenilýär. Ol orta mekdepde okaýan wagty «Akja kepderi» diýen ilkinji aýdymyny Balta Babamyradowyň halypalyk etmeginde ýerine ýetiripdi. Dilberiň aýdym-saza bolan höwesi şol ýyllarda döredi. Ol Dänew etrabynyň Maý geňeşliginiň Menzere obasynda 10-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysyka, zehinli ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşyp, ýeňiji boldy. Şeýle-de welaýat derejesinde geçirilýän dürli aýdym-saz bäsleşiklerinde yzygiderli öňdäki orunlara mynasyp bolup, sungat älemindäki ilkinji üstünliklerini gazanyp başlady. Meşhur halypalar Ymam Ýollyýew, Kümüş Hezretgulyýewa dagy Dilbere milli aýdym-saz sungatynyň inçeliklerini, sahnada özüňi alyp barmagyň ýollaryny öwredipdiler. Ol halypasy, sazanda hem kompozitor Rüstem Abdyresulow bilen bilelikde birnäçe aýdymlary döretdi.

Bagt

Ykbalyňy eziz eneňÇoýup dursa, bagt dälmi?Göwnüň mähriň asmanyndaGaýyp dursa, bagt dälmi? «Agzybire Taňry-da biýr»,Mähre dolsa döwletli tör.Söwer gelniň kalbyňa nurÇaýyp dursa, bagt dälmi?

Saglyk ýörelgesi — durmuş kadasy

Sagdyn jemgyýet öz köküni sagdyn maşgaladan alyp gaýdýar. Şu ýörelgäni wagyz etmek maksady bilen Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn maşgala ― sagdyn nesil» atly telebäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik uly ruhubelentlige beslenip, onuň esasy aýratynlygy 8 we şondan köp çagaly maşgalalaryň gatnaşmaklaryndan ybarat boldy. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Bäsleşige gatnaşan her bir maşgala agzasy ezberligini, çalasynlygyny ähli ugurlarda işjeň ýagdaýda görkezdi. Ýaryş diýseň şowhunly, gyzykly boldy. Çünki oňa gatnaşan bäsdeşler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändiklerini, sport bilen yzygiderli meşgullanýandyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda Halaç etrabynyň Baý geňeşliginde ýaşaýan Agajan Söýegowdyr Almagül Tuýgunowanyň bagtyýar maşgalasy bäsdeşlerinden saýlanmagy başardy. Olar sportuň dürli görnüşlerinde öz ezberliklerini görkezmegi başardylar. Ýaryşyň ýeňijisi Agajan aga maşgalasynyň şatlykly pursatlaryny biziň bilen paýlaşdy:

Ykbal size gülüp baksyn!

8-nji martda ― Halkara zenanlar gününde çar tarapdan gelýän gutlaglary eşitmek örän ýakymly. Welaýat ýokanç keselleri hassahanasynyň lukmany Albina Bazarowa hem baýramçylyk mynasybetli ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär: ― Göwnüňe bolmasa, gözellik, ezizlik, näziklik ýaly mukaddeslikler zenan diýlen umumy jümlede birleşýän ýaly bolup dur. Bu barada Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda has köp oýlanýarsyň. Zenan ― ejeň, zenan ― öýüň bikesi, zenan ― uýaň, zenan ― gyzyň. Olaryň haýsy biriniň gadyry beýlekisiniňkiden pes?! Her biri — öz ýerinde ornuny hiç kim tutup bilmejek beýiklik. Şonuň üçin hem bu baýramda olaryň her birini ýeke-ýekeden gutlasyň gelýär.

Zeminiň zynaty

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda zenanlara uly sarpa goýlup, olaryň jemgyýetde mynasyp orna, bagtyýar durmuş eşretlerine eýe bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata Watanymyzda giň gerimli işleri amala aşyrmakda, ösüp gelýän ýaş nesli milli däplerimize laýyk terbiýelemekde, maşgala mukaddesliklerimizi hem-de jemgyýetimiziň jebisligini berkitmekde zenanlarymyzyň ägirt uly paýy bar. Bu günki gün zenanlara özleriniň zehinini, başarjaňlygyny, bilimini islendik pudakda görkezmäge mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň zenanlara goýýan hormaty öz gözbaşyny has gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Enäniň keramatdygy, ony razy etmekligiň aňyrsynda Beýik Allany razy etmek hakyndaky düşünje ýatandyr. Muny «Ene razy — Hudaý razy, ata razy — pygamber razy» diýen halk pähiminiň mysalynda-da görmek bolýar. Türkmenlerde asyrlar aşyp, kämilleşip gelýän, ýokary ahlaklylyga, adamkärçilige, halallyga ýugrulan, durmuşyň synaglaryndan geçip, halk tarapyndan ykrar edilip, durmuşa ornaşdyrylan terbiýe mekdebiniň düýp özeninde enäniň orny uludyr. Türkmen zenany, türkmen enesi Watany goramaklygyň, maşgala ojagyna, ýan-ýoldaşyna wepalylygyň, görüm-göreldäniň, merdi-merdanalygyň, zähmetsöýerligiň nusgalyk keşbini döredip bilen zenandyr.

Önüm­çi­lik­de ze­nan eli­niň yzy

Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Türk­me­na­bat şä­her ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan ýa­kyn­da Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ryn­da zäh­met çek­ýän ge­lin-gyz­la­ry iş ýe­rin­de gut­la­mak bo­ýun­ça ýö­ri­te çä­re ge­çi­ril­di. Mu­nuň üçin şä­he­ri­miz­dä­ki önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de bo­lup, olar­da zäh­met çek­ýän ze­nan­la­ry gut­lap, baý­ram­çy­lyk sow­gat­la­ry­ny gow­şur­dyk. Bu baý­ram­da ze­nan­la­ry sar­pa­la­ma­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­kez­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry­nyň we iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri hem ola­ryň ar­ma­sy­ny ýe­ti­rip, baý­ram­çy­lyk bi­len gut­la­ýar­lar. Şu ge­zek­ki çä­rä­niň ba­şy­ny Türk­me­na­ba­dyň S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky hi­mi­ýa za­wo­dyn­dan baş­la­dyk. Bu kuw­wat­ly kär­ha­na­da hä­zir­ki wagt­da 1400-den gow­rak iş­gär zäh­met çek­ýär. Şo­la­ryň 330-dan gow­ra­gy ge­lin-gyz­lar­dyr. Ýo­ka­ry we ýö­ri­te bi­lim­li ze­nan hü­när­men­le­riň eli­niň yzy­ny kuw­wat­ly kär­ha­na­nyň äh­li bö­lüm­le­rin­de di­ýen ýa­ly gör­ýär­siň. Ju­ma­gül Mäm­me­do­wa, Ma­ýa An­na­tu­la­ýe­wa, Zöh­re Oru­no­wa ýa­ly durmuşynyň köp bölegini bu za­wo­dyň işi­ne ba­gyş­lan ha­ly­pa ze­nan­lar ýaş­la­ra-da gö­rel­de gör­kez­ýär­ler. Iş­ba­şar­jaň, ýaş ge­lin-gyz­la­ryň ha­ta­ryn­da Og

Mertebesi belent, mährem eneler

Golaýda şeýle at bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa kümüş saçly eneler, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzda her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadyny gowşurmak, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak ata Watanymyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzy sarpalamak ajaýyp däbe öwrüldi. Bu asylly başlangyçlaryň gözbaşynda hut milli Liderimiziň taýsyz tagallalary dur. Dabara gatnaşan zenanlar döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan sergide zergärleriň ýasan şaý-sepleriniň dürli görnüşleri, ajaýyp senedimiz bolan haly we haly önümleri, milli egin-eşikleriň gadymy nusgalary, keşdelenilen kürtedir zenan donlary ýerleşdirildi. Bu gymmatlyklarymyz sergä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Gün deý nurana, gül deý görkana

Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Zemine görk berýär gelinler-gyzlar» diýen at bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda çykyş edenler zenanlaryň mertebesini beýgeldýändigi we olaryň ýurdumyzyň ösüşlerine goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdyp, zenan mähriniň we söýgüsiniň gudraty barada giňişleýin gürrüň etdiler. Talyp gyzlaryň göwün nuruny siňdirip döreden el işlerinden guralan sergä tomaşa etmek dabara gatnaşyjylaryň her biriniň kalbynda gaýtalanmajak duýgulary oýardy. Sergide ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk, dokmaçylyk, keşdeçilik, tikinçilik ýaly gadymy senetçiligiň mynasyp dowam etdirilýändigi giňden açylyp görkezildi. Mekdebiň giň däliziniň ugrunda guralan sergide ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän nakgaşçylyk eserlerine hem giň orun berildi.

Saglygymyz — baýlygymyz

Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly!Elleriňizi hapa bolmasa-da sabyn bilen yzygiderli ýuwuň!Dermanlyk ösümlikleri kada laýyk ulanyň!Azyk önümleriniň howpsuzlugynyň düzgünlerini berjaý ediň!

Geljegi nazarlaýan ösüşlere tarap

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Möhüm möwsümiň bosagasyndaky tutumly tagallalar

Geçen duşenbe güni welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň 1-nji martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda öňde goýan wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi. Oňa etrapdyr şäherleriň häkimleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde hormatly Prezidentimiziň şol gün irden sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda häzirki döwürde welaýatymyzda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk guramak barada beren görkezmelerini günübirin ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatymyzyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew maslahaty açyp, ilki bilen welaýatda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işleriň netijesi, ýerlerde gowaça, ýeralma we gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleriniň gidişi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň guralyşy, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň ýaýbaňlandyrylyşy barada giňişleýin gürrüň etdi.