Täzelikler
Merkezi Aziýanyň Ramsar sebitleýin başlangyjynyň utgaşdyryjy komitetiniň ýolbaşçysy E.A.Rustamow wideoaragatnaşyk arkaly Döwletli etrabyndaky 30-njy orta mekdepde Durnalar gününe bagyşlanyp geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Ol mekdep okuwçylaryna bu owadan guşlar barada täsirli gürrüň berdi. Mekdep okuwçylarynda uly gyzyklanma döreden ekologiýa baýramy bu guşlaryň iň owadan görnüşleriniň biri bolan çal durnanyň Amyderýa jülgesinde we welaýatymyzyň günortasyndaky oňa golaý ýerlerde gyşlaýan döwri saýlanyldy. Olaryň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda Döwletli etrabynyň Tallymerjen jülgesinde, Kerki etrabynyň Watan, Daşkak oba hojalyk toplumlarynda, Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy howdanynda we Amyderýa goraghanasynyň Kelif çäkli goraghanasynda durnalaryň düşleýän ýerlerine baryp görmekleri has-da gyzykly boldy.