Ösüşlere binýat, kämillige gönezlik

3 Mart 2021
1261

Ylym-bilim Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň umumy ösüşiniň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji günlerinden döwlet Baştutanymyz milli ylym ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada alada edip, giň möçberli özgertmeleri öňe sürdi. Şuňa laýyklykda ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işi we okuw maksatnamalary düýpli kämilleşdirildi, ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleri ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýöriteleşdirildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda hem ylym-bilimi ösdürmek bilen bagly durmuşa geçirilýän özgertmeler mähriban ýaşlary beýik üstünliklere galkyndyrýar, olaryň eziz Watanymyza bolan söýgüsini has-da pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimizi innowasiýalara we tehnologiýalara daýanýan ylmyň gazananlary bilen baglanyşykly ösdürmäge, orta we uzakmöhletleýin döwürlere niýetlenilen milli döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, aýratyn hem jemgyýetiň ylmy mümkinçiligini artdyrmaga döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesi nazara alnyp, ylmyň düýpli we ygtybarly hukuk binýady kämilleşdirilýär, maddy-üpjünçilik ulgamy berkidilýär. Hut şonuň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralary, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleri tarapyndan alnyp barylýan ylmy barlaglar we taslamalar güneşli Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen wajyp wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär.

Durpolat ÝAGMYROW,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.