Parahatçylygyň we asudalygyň ýurdy

24 Fewral 2021
2267

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly içeri we daşary syýasatlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli özgertdi. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny, ildeşlerimiziň asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklaryny üpjün etdi. Daşary syýasatyň esasy ugruna öwrülen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň dünýäde hemmetaraplaýyn durnukly ösüşi, howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da artdy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň bu hukuk derejesine daýanyp, goňşy we daşary döwletler bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýaly umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň baý tejribesini toplady.

«Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýip, öz halkynyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyz ösüş arkaly parahatçylyk taglymatyny öňe sürýär we onuň durmuşa geçirilmegi ugrunda anyk işleri amala aşyrýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara abraýyny gün-günden ýokary galdyrýar. Dünýä döwletleriniň 149-sy bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan Halkara konwensiýalaryň we şertnamalaryň 150-sine gatnaşyjy bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalaryň 50-ä golaýy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. BMG-niň Geňeşleriniň, Komitetleriniň we Komissiýalarynyň 13-siniň düzümine girýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýöredilýän parahatçylyksöýüjilikli syýasatyň dünýä möçberinde ýokary baha eýe bolýandygynyň we dünýä döwletleriniň arasynda halkara abraýynyň ýokarydygynyň aýdyň güwäsidir hem-de parahatçylyksöýüjilik we hoşmeýilli goňşuçylyk däplerine wepaly bolan türkmen halkynyň gadymy milli däpleriniň esasydyr.

Babamyrat ŞÜKÜROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň başlygy.