"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bildirişler

Roman Aleksandrowiç Jumaýewiň AB derejeli, TM-0927490 belgili sürüjilik şahadatnamasynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Zähmet üstünligi

Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda üstümizdäki ýylyň dowamynda 125 million 217 müň 650 manatlyk önüm öndürilip, manat möçberinde meýilnama 102,6 göterim berjaý edildi. Bu babatda önümçiligiň ösüş depgini has artdy. Degişli döwürde kärhanada önümiň jemi 42 müň 383 tonnasy, şol sanda ýokary hilli unuň 14 müň 48 tonnasy, birinji hilli unuň 28 müň 335 tonnasy taýýarlanyldy. Şeýle-de bu ýerde bugdaý ýarmasynyň 120 tonnasy, kepegiň 12 müň 872 tonnasy öndürildi. Bir söz bilen aýdylanda, kärhananyň agzybir işçi-hünärmenleri Täze, 2025-nji ýyly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar.

Göwünlerimiz islegine gowuşýar

Ynha, ýene-de bir şanly ýyly şadyýanlyk bilen ugradyp, ruhubelentlik bilen täze «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» garşylaýarys. Tamamlanyp barýan ýyl ýakymly ýatlamalary bilen kalbymyzy joşduryp, gözümize has yssy-mährem görünýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly il-ýurdumyz üçin şowly ýyllaryň biri bolup, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Bu ýyl hem Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurdumyzyň abadançylygy hem-de gülläp ösüşleri ugrundaky her bir aladasynyň ýerine düşýän ýyly boldy. Türkmen topragy ösüşleriň has belent derejesine ýetdi. Iň gowy ýeri, her kim öz bagtyny duýup ýaşap bilýär. Her kim wagtdan, döwürden garaşýanyna gowşup, parahat ýurdumyzda öz maksatlaryna ýetýär. Bu ýyl hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda keramatly türkmen topragynyň rysgal-berekedini eçilen ýylyna öwrüldi. Oba hojalyk pudagynda uly özgertmeler bolup geçdi. Pudagyň girdejililiginiň artmagy üçin uly işler durmuşa geçirildi. Ekerançylykda iň täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, ösen döwletleriň öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyryldy. Oba zähmetkeşleriniň girdejileriniň köpelmegi üçin hem giň mümkinçilikler döredildi. Pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Daýhan yhlasyndan kemala gelýän bol hasyl topragymyzyň berekedine be

Yklym çempionatyndaky üstünlik

Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdepden Süleýman Jafarow Kataryň paýtagty Doha şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatynda medallaryň üçüsini gazandy. Ol 102 kilograma çenli agram derejesindäki türgenleriň ýaryşynda ştangany silterläp galdyrmakda 150 kilogram agyrlygy göterdi. Bu netije onuň altyn medal gazanmagy üçin ýeterlik boldy. Çünki ildeşimiziň görkezen netijesi Koreýa Respublikasyndan gatnaşan 15 ýaşly türgen Kim Mingueniň netijesinden 5 kilogram ýokary boldy. Agyrlygy galdyrmagyň şu görnüşinde 144 kilogramlyk netije bilen üçünji orny eýelän yrakly türgen Ali Hazim Dawud Al-Lami itekläp galdyrmakda biziň ildeşimiziň esasy garşydaşy boldy. Bu gezek yrakly agyr atletikaçy 183, türkmenabatly 17 ýaşly türgen bolsa 176 kilogram agyrlygy eýgerip bildi. Bu netije biziň ildeşimize ýaryşdaky kümüş medallarynyň ilkinjisini bagyşlady. Ol iki görnüşiň jeminde bolsa yrakly bäsdeşinden bary-ýogy 1 kilogramlyk tapawut bilen yza galyp, 326 kilogramlyk netije bilen hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

Ýaş eminleriň okuw-maslahaty geçirildi

Welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebinde ýaş eminleri seçip-saýlap almak bilen bagly okuw-maslahaty geçirildi. Jemlenip barýan ýylyň soňky günlerinde geçirilýän şeýle okuw-maslahatlarynyň Ahal, Mary welaýatlarynda hem guralandygyny bellemek gerek. Bu ugurdaky işler paýtagtymyz bilen Balkan welaýatynda hem dowam etdiriler.

Döwrebap önümhana täze ýylyň hasabyna önümçilige girişdi

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň önümhanalarynyň arasynda kükürt kislotasyny öndürýän bölümi ilkinji bolup, täze ýylyň hasabyna önüm öndürip başlady. 2016-njy ýylda ulanmaga berlen bu önümhana her ýyl 150 müň tonnadan gowrak kükürt kislotasyny öndürip, ýurduň içerki bazardaky talabyny doly kanagatlandyryp gelýär. 2024-nji ýylda hem bu önümhana 155 müň tonna kükürt kislotasyny öndürip, bu baradaky meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Öndürilen önümiň 70 müň tonnadan gowragy içerki bazaryň sarp edijilerine ugradyldy. Ýylyň aýagyna çenli ýene-de 10 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmek wezipesi öňde goýuldy.

Baýry bilim işgäri halkara maslahata gatnaşdy

Welaýatymyzyň bilim ojaklarynyň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dürli döwletlerde geçirilýän halkara maslahatlara gatnaşyp, olarda öz tejribesini paýlaşmak mertebesine eýe bolýar. Ýakynda şeýle mertebä mynasyp bolan halypa kärdeşlerimiziň biri-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň doktory Narbibiş Şammyýewadyr. Alym zenan Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen «Türki dünýäde milli şahsyýet we medeni miras» atly III halkara maslahatyna gatnaşdy. Welaýat merkezimizdäki baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymy maslahatyň «Altyn orda» bölümçesine ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem ol «Göktürkler» bölümçesinde «Türkmen halkynyň aňyýetinde erkek oglanyň orny» atly mowzukda çykyş etdi.

Ösüşler dowamat dowam bolsun!

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde Täze ýyl şatlygy höküm sürýär. Ajaýyp döwrüň hözirini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan ildeşlerimiz ýyllaryň sepgidindäki baýramy toý ruhy bilen garşylamaga taýýarlyk görýärler. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bilelikde biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin hem diýseň düşümli ýyllaryň biri boldy. Şanly ýylyň dowamynda açylyp, ulanylmaga berlen senagat desgalary öz miwesini bolluk bilen eçilip, milli ykdysadyýetimize goşant goşýar. Bilim ojaklary, köpsanly ýaşaýyş jaýlary we beýleki binalardyr desgalar il-günümiziň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagyna goşant goşýar.

Türkmenistan — rowaçlygyň we bagtyýar çagalygyň ýurdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy 28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly däbe görä, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady. Milli Liderimiz gyş paslynyň säher çaglarynda döwrüň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri esasynda gözel künjekde binýat bolan Arkadag şäherine geldi. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler sazlaşykly esasda dowam edýär. Munuň özi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli derejede tagalla edilýändigini görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy dialogyň ähmiýeti bellenildi. Bu dialog netijelidigini, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýändigini subut etdi. Şeýle hem 2025-nji ýylda özara hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. 2025-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy syýasata dialog we hormat goýmak medeniýetini gaýtaryp getirmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigine üns çekildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 27-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Bildirişler

Narmamet Ahmedowiç Çaryýewiň B derejeli sürüjilik okuwyny tamamlandygy hakyndaky № 01144154 belgili şahadatnamasynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan öçmez-ýitmez eserleriniň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän makalalar, goşgular we hekaýalar boýunça yglan edilen bu bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şeýle hem talyp ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bäsleşige iberilen makalalardyr edebi eserleriň Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasyna, milli mirasymyzy öwrenmeklik üçin döredip berýän giň şertlerine, beýik Pyragynyň eserleriniň umumadamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetine gönükdirilendigi aýratyn bellärliklidir. Bäsleşigiň netijesi boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Şatlyk Hudaýnazarow we Baý

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, “Pulkowo” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Täzelikler

Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynyň zähmet adamlary ilaty çörek we çörek önümleri bilen bolelin üpjün edip, golaýlaşyp gelýän täze ýyly mynasyp üstünliklere besleýärler. Çörek bişirijiler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çörek we çörek önümleriniň 4095 tonnasyny ilata ýetirdiler. Bu ýerde öndürilen önümleriň tagamy we hili ildeşlerimiziň göwnünden turýar. Kärhananyň baş ykdysatçysy Babajan Musaýew çörek we çörek önümleriniň onlarça görnüşiniň taýýarlanylýandygyny, olaryň «Höwesli», «Altyn däne», «Şöhlejik» ýaly görnüşleriniň ilatyň uly isleginden peýdalanýandygyny aýdýar. Çörek bişirijileriň yhlasly zähmetiniň netijesinde ilatyň saçaklarynda çörek we çörek önümleriniň bolçulygy gazanylýar.

Türkmen-malaý gepleşikleri: netijelilik we ýürekdeşlik bilen

Döwletara gatnaşyklaryna aralyklaryň uzaklygy däl-de, ýürekleriň ýakynlygy täsirini ýetirýär. Biri-birinden 6 müň kilometr çemesi uzakda ýerleşýän Türkmenistan bilen Malaýziýany alyp göreliň. Aziýanyň tas bir çetinden beýleki çetine çenli uzaýan şu aralykda ýerleşýän iki döwletiň arasyndaky ýürekdeş hyzmatdaşlygyň ýola goýlanyna 33 ýyl dolup barýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly döwlete amala aşyran resmi sapary bolsa şol hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany ýazdy. Turuwbaşdan nygtalmaly bir hakykat bar. Biziň ýurdumyzy Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki bu dostlukly döwlet bilen nämeler baglanyşdyrýar we bu hyzmatdaşlyk nähili mümkinçiliklere eýe? Ine, taryhy sapar şu sowallara jogap berdi.