Bedew münen myrada ýeter
«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türkmen bedewleri gözelligiň, ýyndamlygyň ajaýyp nusgasy bolmak bilen, köp asyrlardan bäri bütin dünýäde meşhurlyk gazanyp gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalarynyň netijesinde olaryň şan-şöhraty ýene-de artdy, abraý-mertebesi has belende göterildi.Munuň şeýledigini biz ýurdumyzda atçylygy ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň mysalynda-da aýdyň görýäris. Milli Liderimiz: «Türkmen halkynyň zehininiň, yhlasynyň, irginsiz zähmetiniň, tutanýerli hem-de yzygiderli alyp baran maksada okgunly tohumçylyk-seçgi işleriniň netijesinde döredilen ahalteke atlary ata-babalarymyzyň ruhy siňen keramatly türkmen topragynda kemal tapdy, kämilleşdirildi, müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenilip sungat derejesine ýetirildi» diýip bellemek bilen, häzirki döwürde bu ýörelgeleriň hyjuwly dowam etdirilmegine düýpli goldaw berýär.