«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Adamda haýsydyr bir hereketiň kän gezek gaýtalanmagy soňabaka endige öwrülýär. Endikler hem iki topara bölünýär: peýdaly we zyýanly endikler. Peýdaly endikler adamlary üstünlige ýetirýär, zyýanly endikler bolsa tersine. Peýdaly endikleri edinmek belli bir derejede kyn, emma soň olar bilen ýaşamak aňsat. Zyýanly endikleri bolsa edinmek aňsat, ýöne olar bilen ýaşamak müşgil. Olar durmuşyň islendik ugrunda adama üstünlik gazanmaga päsgel berýär.