Täze esere sabyrsyzlyk bilen garaşýarys

1 Aprel 2024
371

Hormatly Prezidentimiziň täze Şa eseriniň ― «Änew ― müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy kitaphana ulgamynyň wekili hökmünde bizi diýseň begendirýär. Taryhy müňýyllyklara uzaýan gadymy şäheriň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli badalga berlen toý-dabaralara iň mynasyp sowgat bolan täze eseriň üç dilde çap edilendigi baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdik.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň hem mugallymlarymyzdyr mekdep okuwçylary tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýandygyny guwanç bilen nygtamak isleýäris. Mekdebimizde döwlet Baştutanymyzyň ilkinji kitaby bilen bagly edebi agşamlary, bäsleşikleri we çeper okaýyşlary yzygiderli gurap durýarys. Olara okuwçylarymyz uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Klara NARZYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar