Toý-baýramlaryň bezegi

30 Mart 2024
381

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjymyza, genji-hazynamyza öwrülen behişdi bedewlerimiz halkymyzyň buýsanjydyr. Şan-şöhraty dünýä dolan bedew atymyzyň şekiliniň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyndan aýdyň nyşandyr. Ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda  milli atçylyk pudagyny we sportuny, milli atşynaslyk däplerini ösdürmekde, atlaryň nesil goruny saklamakda hem-de kämilleşdirmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpanyň ajaýyp zamanamyzda dowamat-dowamdygynyň  aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen bedewleriniň şöhrat-şanyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz  egsilmeýär.

Oraz Mämmedow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar