«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň taýsyz akyldarlarynyň biri, türkmen topragynyň waspçysy Magtymguly Pyragynyň bakylyk taglymaty bolan pähim-parasatly şygyr diwanlary halkymyz tarapyndan söýlüp okalýar. ХVIII asyrdan bäri Magtymguly her bir türkmeniň öýünde, kalbynda, aňynda ýaşap gelýär. «Türkmen» diýlende, Magtymguly, «Magtymguly» diýlende, türkmen halky göz öňünde janlanýar.