Şan­ly ýy­la ba­gyş­la­nan ki­tap

30 Mart 2024
486

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyza belent we çuňňur many-mazmuna ýugrulan ýyllary peşgeş berýär. Şol ýyllaryň her birini özüne mynasyp atlandyrmak hem asylly däp bolup dowam edip gelýär. Geçen 2023-nji ýylyň ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylmagy her bir ildeşimizi öz alyp barýan ugry boýunça täze zähmet üstünliklerine ruhlandyran ýyl boldy. Şeýlelikde, ýurdumyzda bütin ýylyň dowamynda syýasatda, ykdysadyýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, ylymda, sportda uly üstünlikler gazanyldy. Ýylyň belent üstünliklere beslenip tamamlanýan pursatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly täze ajaýyp kitabyny okyjylara peşgeş bermegi aýratyn möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka öwrüldi. 

Dur­dy­my­rat SAT­LY­KOW,
Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Tag­ta­ba­zar et­ra­by­nyň «Bä­gül» ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler öýü­niň mü­di­ri.
Beýleki habarlar