Tämizligiň we päkligiň baýramy
«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024 Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly garamak, ruhy baýlygymyzy gorap saklamak barada edýän taýsyz tagallalary netijesinde Oraza baýramy ýurdumyzda milli däplerimize laýyklykda giňden bellenilýär, jemgyýeti jebisleşdirýän, ynsanperwerlik we watançylyk duýgularyny terbiýeleýän medeni çäreler guralýar. Metjitlerde ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy hem-de parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk ýaly ýörelgelerimizi artdyrmagyň bähbidine, milli agzybirligimizi we jebisligimizi has-da berkitmegiň hatyrasyna doga-dilegler edilýär.