7-nji aprelde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda ýurdumyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby gowşuryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn strategiýanyň esasy wezipeleriniň biridir. Sportuň Olimpiýa görnüşleri üçin niýetlenen häzirki zaman sport desgalarynyň gurulmagy, türgenleriň, tälimçileriň we beýleki sport hünärmenleriniň taýýarlanylmagy üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.