Eziz Diýarymyz Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde sporty ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň esasynda hem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sport ýurduna öwrülýär. Elbetde, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan sport syýasatynyň miwesidir, şol döwletli ýörelgäniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmeginiň netijesinde ýetilen belent sepgitdir.
Eziz Diýarymyzda iň iri sport baýramçylyklarynyň yzygiderli guralmagy diňe milli sportumyzyň sazlaşykly ösüşiniň girewi bolman, eýsem, Watanymyzyň sport ýurdy hökmünde halkara giňişligindäki abraý-mertebesini pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir.