Ähli üstünlikleriň, rowaçlyklaryň sakasy saglykdyr. Şol esasdan hem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda adam we onuň saglygy baş gymmatlyk hökmünde ähli zatdan ileri tutulýar. Häzirki zamanyň iň ösen tehnologiýalary, lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan saglygy goraýyş desgalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkyň hyzmatynda. Olarda ynsan saglygyny goramak, berkitmek, bejermek üçin ähli amatlyklar üpjün edilendir. Ajaýyp zamanamyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahanalar, sport toplumlary, sagaldyş we dynç alyş merkezleri hem ähli etrap-şäherlerimiziň bezegine öwrülip, olar halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň adamlaryň gündelik durmuş ýörelgelerine öwrülmekleri üçin dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilendigem buýsanç bilen bellenilmeli hakykatdyr. Ýaramaz endiklere garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmek boýunça dürli çäreler hem asylly däbe öwrülip, olarda ýaşyna, kärine garamazdan, ähli raýatlaryň işjeňlik görkezýändiklerini bellemek ýakymlydyr.