«Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini has-da giň gerim bilen jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak babatda hem dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik işleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Ýurdumyzda geçirilýän şanly baýramçylyklarda, esasan hem, Bütindünýä saglyk gününde we Bütindünýä welosiped gününde köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek bolsa asylly däbe öwrüldi.
Ine, geçen ýekşenbe güni Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýöriş hem milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.