«7/24. tm» №16 (203), 15.04.2024
Häzirki wagtda ýurdumyz dost-doganlygyň, parahatçylygyň, dünýä derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlaryň, forumlaryň merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň ýüregi bolan paýtagtymyz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar. Çünki köptaraply hyzmatdaşlyklara esaslanýan halkara maslahatlardyr ýygnaklar şu şäherde başlanyp, hemmetaraplaýyn bähbitli çözgütleriň kabul edilmegi bilen hem tamamlanýar.