"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti ömrüni Türkmenistanyň halkyna gulluk etmäge bagyşlan M.Berdimuhamedowyň ýaş nesil üçin görelde mekdebi bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine we dogan-garyndaşlaryna şu agyr wagtda güýç-gaýrat arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň baş şäherini we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän maslahata milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de paýtagtymyzyň häkimi Ý.Gylyjowy çagyrdy.

At agynan ýerde toý bolar

25-nji aprelde ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi Pederlerimiz «At agynan ýerde toý bolar» diýipdir. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.

Milli gymmatlyklara ygrarlylyk

Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalarynyň açylyşy boldy Paýtagtymyzdaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda 25-nji aprelde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň çäginde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň açylyş dabarasy boldy, şeýle hem teleköpri arkaly Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan merkezleriň — döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan türkmen alabaýynyň merkezleriniň açylyş dabaralary geçirildi.

Asyrlaryň sungatyna dowam türkmen alabaýy

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» halkara bäsleşiginiň we ugurdaş döredijilik bäsleşiginiň netijeleri dabaraly ýagdaýda jemlenildi Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze binalar toplumynda 25-nji aprelde ilkinji gezek köpöwüşginli baýramçylyk çäresi — «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem-de türkmen alabaýynyň hormatyna guralan döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşikler ahalteke bedewleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň milli mirasy hem-de buýsanjy bolan itleriň bu meşhur tohumyny mundan beýläk-de wagyz etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça esaslandyryldy.

Hoş habar buşlukdan nyşan

Mälim bolşy ýaly, 25-nji aprelde «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy. Şol dabaralar bilen baglylykda, baýramçylyk günlerinde bu toplumyň «Alberk QA Academy» halkara guramasy tarapyndan Laýyklyk standartyna görä, Hil dolandyryş ulgamyny hem-de Daşky gurşawyň dolandyryş ulgamyny ýerine ýetirýän we berjaý edýän edara hökmünde bellige alnandygyny, itleri ösdürip ýetişdirmek boýunça ISO 9001:2015 we ISO 14001:2015 talaplaryna laýyklykda, ýörite şahadatnamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Täze desga Köpetdagyň eteginiň gözel künjekleriniň birinde guruldy, çünki bu ýeriň tebigaty şol maksatlar üçin amatly bolup durýar. Toplumyň gurluşygy «Myradym» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyrylyp, ol baş potratçy hökmünde ähli işleri talabalaýyk ýerine ýetirdi.

Şöhratly ata-babalarymyzyň dünýä peşgeş beren gymmatlyklaryny sarpalamagyň aýdyň nyşany

Türkmen bedewiniň we alabaýynyň goşa baýramy ilkinji gezek bellenildi 23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, itşynaslaryna, olaryň janköýerlerine we mähriban halkyna Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Gutlag iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär: «Biziň halkymyzyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiz we edermen alabaýlarymyz aýratyn orny eýeleýärler. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiz bilen bir hatarda dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolan türkmen alabaýy halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr. Bu milli buýsançlarymyz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolupdyr».

Goşa toýuň şuglasy

Öňňin ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Baýramçylygyň öňýanyndaky günlerinde hem toý dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Geçen hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Penşenbe güni Marynyň atçylyk sport toplumynda at çapyşyklar geçirildi hem-de giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy. Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ajaýyp baýramçylyklar mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Täze binalar Aşgabadyň görki

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlarymyza barýan günlerimizde mähriban Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilýän täsin binalardyr desgalar ählimiziň baýramçylyk joşgunymyzy artdyrýar, eziz Watanymyza, gözel paýtagtymyza bolan söýgümizi, buýsanjymyzy goşalandyrýar. Şu ýylyň 12-nji aprelinde milli Liderimiz paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň ajaýyp binalaryny açyp berende biz has-da buýsançly pursatlary başdan geçirdik. 14-nji aprelde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nurana binasy açylyp, ol ýerde ýurdumyzyň iki palataly kanun çykaryjy edarasynyň täze düzüm bölegi bolan Halk Maslahatynyň ilkinji taryhy mejlisi geçirildi. Şeýle-de, 15-nji aprelde paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik dürdäneleriniň hataryny bezeýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň kaşaň binalary ulanmaga berlende, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ol ýerde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiz çuň manyly taryhy çykyş etdi. Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň döwlet maksatnamalary

Belent ruhy galkynyşyň subutnamasy

25-nji aprelde Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köpsanly myhmanlar ýygnandylar.

Goşa baýramyň toý dabaralary

Ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerini myradyna, edermen alabaýlaryny ynamdar goragçysyna deňäp söýgüleýän türkmen halkymyzyň milli buýsançlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp derejede sarpalanýar. Muňa milli baýramçylyk senenamamyza täze goşulan Türkmen alabaýynyň baýramy hem mysaldyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ilkinji gezek bellenilip geçilen bu milli baýram her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde toýlanar. 25-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu goşa baýram mynasybetli guralan dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.

Halkymyzyň milli baýlygy

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen esaslandyrylan Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzda giňden bellenilip geçildi. Şu ýyl, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda milletiň öz ruhy köklerine we özboluşly medeni mirasyna ygrarlylygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyklar aýratyn öwüşgine eýe boldy. Bu gün ýelden ýüwrük ahalteke bedewlerimiz hem-de gaýduwsyz alabaý itlerimiz düýpli özgertmeler we ösüş ýolunda ata Watanymyzyň uly üstünlikleri gazanmaga ýardam edýän döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan asylly işleri netijesinde, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk däplerimiz täze mazmuna we ösüşe eýe boldy. Ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek hem-de ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan degişli çäreler görülýär.

Behişdi bedewler — toý-baýramyň bezegi

23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň öňündäki meýdança Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Türkmenistanda türkmen bedewiniň we alabaýynyň goşa baýramy ilkinji gezek bellenildi

25-nji aprelde Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary guraldy. Ir bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýanynda ählumumy ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Welaýat häkimliginde bolan maslahat

Bereketli türkmen topragy ir döwürlerden bäri iň gowy bedewleriň ýetişdirilýän mekany hasaplanylypdyr, olaryň şöhraty Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýrapdyr. Türkmen seýisleri köp asyrlaryň dowamynda irginsiz zähmet bilen ýelden ýüwrük bedewleri terbiýeläp ýetişdiripdirler. Ussat seýislerimiz ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklap, dünýä atşynaslygynyň täjine öwrülen atlaryň aýratyn, täsin tohumyny döretdiler. Türkmeniň alabaý itleri hem öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýar. Olar türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar hakynda düşünjeleriniň nyşanlaryna öwrülip, halkyň medeniýetiniň ähmiýetli bölegini düzýärler. Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir.

Ahalteke atçylygy: dünýä derejesindäki şan-şöhratyň täze belentliklerine tarap

23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň öňündäki meýdança Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Dabara, şeýle hem şu günler sarpalanylýan, saýlap alan hünärinde ajaýyp üstünlikleri gazanan atşynaslar, bedewleriň täsin dünýäsi bilen bagly beýleki ulgamlaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Şatlyk - şowhuna beslendi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda behişdi bedewlerimiziň we türkmen alabaýlarynyň şan-şöhraty arşa galdy. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan toýlanylýan türkmen bedewiniň milli baýramçylygyna halkymyz ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de Türkmen alabaýynyň baýramynyň ilkinji gezek bilelikde bellenilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Golaýda welaýat medeniýet köşgüniň öňündäki giň meýdançada welaýat, şäher häkimlikleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem-de Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanylyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada şowhunly aýdym-sazlaryň astynda türkmen halkynyň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanylýan behişdi bedewlerimiziň waspy alyslara ýaň saldy. Baýramçylyk röwüşde bezelen giň meýdançada ýerleşdirilen ahalteke bedewleriniň surat sergileri dabara milli öwüşgin çaýdy. Bu ýerde türkmeniň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň üstünde bedew hakyndaky ýerine ýetirilen aýdym dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Türkmenistanda türkmen bedewiniň we alabaýynyň goşa baýramy ilkinji gezek bellenildi

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanda ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde giň gerimde bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu günki baýramçylyk dabaralarynyň başlanýan ýerine öwrüldi. Bu ýerde ýelden ýüwrük türkmen bedewleriniň gatnaşmagynda halk arasynda iň meşhur bäsleşikleriň biri — baýramçylyk at çapyşyklary guraldy.

Behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen mukaddes türkmen topragynda ýetişdirilen we ajaýyplygy, syratlylygy hem-de ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler halkymyzyň milli gymmatlyklarydyr we buýsanjydyr» diýip belleýär. Halkymyzyň ahalteke bedewlerine buýsanjy örän uludyr. Hut şonuň üçin türkmen halky bedew atyň bolmagyny döwletlilik hasaplapdyr. Ata-babalarymyzyň bedew atlarymyz bilen baglanyşykly ýörelgeleri hem-de däp-dessurlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp derejede dowam etdirilýär. Ýurdumyzda uludan toýlanýan şanly baýramlar mynasybetli at çapyşyklaryny geçirmek asylly däbe öwrüldi. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bolsa ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy toýlanýar we bu baýrama bagyşlanan çäreler guralýar.